Genrih VIII Týudoryň «it gowakly» orta asyr galasy £5 milliona satlyga çykaryldy

Şu gün, 11:54986
1 / 5

Angliýanyň Kent graflygynda 700 ýyldan gowrak taryhy bolan Allington galasy satuwa çykaryldy. Daşyny suwly garym gurşap alan, baglary we goşmaça ýaşaýyş jaýlary bolan orta asyr galasynyň bahasy 5 million funt sterlinge (takmynan 6,6 million ABŞ dollaryna) deňdir. Bu barada Mansion Global neşiri habar berýär.

Gala 1279–1299-njy ýyllar aralygynda gurlupdyr. Ol Medueý derýasynyň boýunda, takmynan, 17 gektar meýdany eýeleýän ýerde ýerleşýär. Häzirki güne çenli galanyň galyň daş diwarlary, uly ojaklary, gurşun bilen jäheklenen penjireleri we Uly zaly saklanyp galypdyr. Rowaýata görä, patyşa Genrih VIII bilen onuň ikinji aýaly Anna Boleýn hut şu zalda naharlanypdyr.

«Özüniň saparlarynyň dowamynda meşhur patyşa galanyň “Patyşa zalynda” düşläp geçýärdi» diýip, emlägiň satuwyna gatnaşýan Knight Frank kompaniýasynyň wekili Oli Striter gürrüň berdi.

Galanyň çäginde suwly garymdan we rysarlaryň ýaryşlary üçin niýetlenen meýdançadan başga-da, aýylary küşgermek üçin ulanylan taryhy meýdança hem-de «it gowaklary» diýlip atlandyrylýan ýerasty otaglar bar. Galanyň içinde aşhana, naharhana, myhman otagy, kitaphana we ýatylýan otaglar ýerleşýär. Mundan başga-da, maşgala agzalaryny, myhmanlary ýa-da hyzmatçylary ýerleşdirmek üçin niýetlenen dokuz sany aýratyn ýaşaýyş jaýy bar.

Taryhy binagärligi we täjirçilik mümkinçiliklerini özünde utgaşdyrýan bu mülkde toý dabaralary, dürli çäreler we filmleri surata düşüriş işleri geçirilýär. Uly zalda, takmynan, 120 myhman ýerleşýär. Şeýle hem galada çagalar üçin niýetlenen «Gorkunç wakalar» atly telegepleşik surata düşürilipdir.

Galanyň çäginde çüwdürimli seýil baglary, wiktoriýan döwrüne degişli gülhana, miweli we hoz agaçlary, tennis meýdançasy, ulag üçin niýetlenen ýerler hem-de ýapyk basseýn bar. Galanyň diňlerinde göwenekler höwürtgeleýär. Ýerli kepderi ketegi bolsa Angliýada iň gadymylaryň biri hasaplanýar.

Galanyň soňky eýesi Mori kompaniýasyny esaslandyryjy Robert Wuster bolup, ol mülke 30 ýyla golaý eýelik edipdir. Wuster Allingtony 1996-njy ýylda, bina gözgyny ýagdaýda mahaly satyn alypdyr we ony täzeden dikeldipdir. Ol geçen ýyl 91 ýaşynda aradan çykdy.

Oli Striteriň aýtmagyna görä, galanyň täze eýesi «iňlis taryhynyň ajaýyp bir böleginiň goragçysy bolmak mümkinçiligine» eýe bolar.