Otluda gaty ses bilen aýdym diňleýänler £1000 möçberinde jerime tölär

21.10.2026, 07:043,161

Beýik Britaniýada otlularda aýdym-sazy gaty ses bilen diňleýän ýolagçylara £1000 (takmynan, 1340 dollar) möçberinde jerime salnar. Hökümet 19-njy oktýabrda «jemgyýete ters gelýän hereketlere garşy göreşmek boýunça çäreler toplumyny» işe girizdi diýip, «The Telegraph» gazeti habar berýär.

Demir ýol kompaniýalary otlularda we platformalarda ýolagçylardan gulaklygy dakynmak haýyşy bilen bildirişleri ýerleşdirer. Eger-de adam bu duýduryşy äsgermezlik edip, telefonda wideony gaty sesli görmegini dowam etdirse, ol nobatdaky stansiýada otludan düşürilip bilner. Şondan soň ol hukuk bozujy hökmünde jogapkärçilige çekiler we täze düzgünlere laýyklykda jerimä sezewar edilip bilner.

Köpçülikleýin ulaglarda jemgyýete ters gelýän hereketlere garşy göreş çäresi awtobuslara hem degişli bolar, ýöne bu ýerde galmagally ýolagçylara az möçberde — £100 (takmynan, 134 dollar) jerime garaşýar. Awtobus sürüjileri düzgünleriň berjaý edilmegine göni jogap bermeýär, ýöne dawaly ýagdaýlary sazlamak üçin polisiýany çagyryp biler — hukuk goragçylary ulagda gaty sesli aýdym-saza, weýpinge we zir-zibile garşy göreşmek üçin degişli ygtyýarlyklara eýe bolar.

«Elektron çilim çekmek, zir-zibil zyňmak ýa-da gaty ses bilen aýdym-saz diňlemek bolsun, birnäçe adamyň hereketleriniň beýleki adamlaryň gatnawyna päsgel bermegi diýseň ýakymsyz ýagdaý. Hereketlerdäki kiçijik üýtgeşmeler hem adamlaryň umumy ýagdaýyna uly täsir edip bilýär» diýip, «The Telegraph» Beýik Britaniýanyň ulag ministri Haýdi Aleksanderiň sözlerini getirýär.