Uçaryň ganatynda uçan 97 ýaşly britan zenanynyň rekordyny 99 ýaşly aýal döwdi

Düýn, 13:304,625
1 / 2

Beýik britaniýaly 99 ýaşly Helga Daffi biplanyň, ýagny iki ganatly uçaryň ganatynda uçan iň ýaşuly zenan hökmünde dünýä rekordyny goýdy. Onuň bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy diýip, BBC habar berýär.

Uçuş Glosterşir graflygynyň Saýrensester şäherindäki RFC Rendcomb howa meýdançasynda geçirildi. Helga Daffi kiçi uçaryň ýokarky ganatyna kemerler bilen berkidilip, uçuşa ugradyldy. Uçar gonanyndan soň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili oňa ýörite şahadatnama gowşurdy.

Zenany bu täsin synanyşyga ozalky rekordyň eýesi, 97 ýaşly Betti Bromeýj höweslendiripdir. Helga Daffi onuň uçuşyny täzeliklerde görenden soň, şol üstünligi gaýtalamagy ýüregine düwüpdir.

«Bu synanyşyk şeýle bir göwnümi göterdi welin, asla gorkmadymam» diýip, ol gürrüň berýär.

Üstesine, bu uçuş Wiltşir we Bat şäherlerinde howa arkaly näsaglary daşamak hyzmaty üçin 1300 funt sterlingden gowrak pul toplamaga-da kömek etdi. Guramanyň wekili Sem Konueý Helga Daffini «rowaýaty şahsyýet» diýip atlandyrdy we onuň bu uçuşdan uly lezzet alandygyny belledi.

Häzirki wagtda Helga Daffi Deýwaýzes şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýar. Onuň uçuşyna ýegenleri Jeki Rouz we Juli Pris tomaşa etdiler. Rouzyň aýtmagyna görä, Helga 99 ýaşynda hem edil ýaş wagtyndaky ýaly gujurlydygyny we özüni öňküsi ýaly duýýandygyny görkezmek isläpdir.

Betti Bromeýj hem öz gezeginde täze rekord eýesini gutlasa-da gutlady welin, rekordy ýene-de özüne gaýtaryp aljakdygyna söz berdi.

«Sag-aman 100 ýaşy arka atyp, bu rekordy ýene bir gezek gaýtalamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Entek duruber, men ýene senden öňe geçerin» diýip, ol degişýär.

Ýeri gelende aýtsak, Betti Bromeýj şuňa meňzeş uçuşlary eýýäm alty gezek amala aşyrdy.