Finlýandiýaly aşpez ýarym litrlik gazly suwy 3 sekuntda jyňkydyp, rekord goýdy

Şu gün, 14:412,319

Finlýandiýaly aşpez Tomi Kotilaýnen 0,5 litr pyrtykal tagamly gazly suwy 3,16 sekuntda içip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada UPI portaly habar berýär.

Rekord üçin synanyşyga degişli hünärmenler hem gatnaşdy. Olar taýmeriň kömegi bilen içgini içmek üçin sarp edilen wagty takyk kesgitlediler. Netijede, Kotilaýnen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Aşpeziň aýtmagyna görä, ol köpden bäri üýtgeşik bir ugurda ukybyny synap görmek isläpdir. 

Kotilaýnen indiki synanyşygynda şol mukdardaky içgini has-da çalt içip biljekdigine ynanýar. Ol geljekde içgileri çalt içmek bilen bagly başga-da birnäçe rekordy goýmagy meýilleşdirýär.