Portugaliýanyň futbol federasiýasy Ronalduny oýunlardan wagtlaýyn çetleşdirdi

Düýn, 20:096,797
1 / 2

Kriştianu Ronaldu milli ýygyndynyň ýerleşýän ýerini özbaşdak terk edendigi sebäpli, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunlaryna gatnaşmakdan wagtlaýyn çetleşdirildi. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasy (FPF) yglan etdi diýip, «A Bola» gazeti habar berýär.

FPF düzgün-tertip derňewiniň başlanandygyny we oňa gaýragoýulmasyz derejäniň berlendigini belledi.

«10-njy oktýabrda işiň materiallary FPF-iň Düzgün-tertip derňewleri komitetine geçirildi; derňew tamamlanýança onuň gidişi baradaky maglumatlar aýan edilmäge degişli däl» diýip, FPF habar berdi.

Mundan öň «A Bola» we «CNN Portugal» neşirleriniň belleýşi ýaly, FPF-iň düzgünnamasyna laýyklykda, milli ýygyndydan özbaşdak gidendigi üçin portugaliýaly futbolça alty aýlyk diskwalifikasiýa we 500 ýewrodan 1 müň ýewro çenli möçberde jerime garaşýar.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň 41 ýaşly kapitany Ronaldu 30-njy sentýabrda — Milletler ligasynyň Daniýa garşy geçirilen duşuşygyndan (4:2) bir gün öň milli toparyň ýerleşýän ýerini terk etdi. Bu ýagdaý milli ýygyndynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş bilen bolan dawa sebäpli ýüze çykdy. 

Mundan öňki Norwegiýa garşy geçirilen duşuşykda Ronaldu uzak wagtdan bäri ilkinji gezek ätiýaçlyk oturgyjynda galdy. Oýnuň tamamlanmagyna 30 minut galanda Žezuş Ronalduny el-aýagyny ýazmaga iberdi, ýöne ahyrynda oýunçyny meýdança çykarmady.