«Real-yň» 50 müň sahypalyk arzasyndan soň UEFA «Barselona» garşy işi täzeden derňäp başlady

Düýn, 15:035,607

UEFA Madridiň «Real» klubunyň şikaýatyndan soň, «Barselona» garşy «Negreýra işi» boýunça derňewi gaýtadan başlatdy. Madrid kluby bu işe degişli, takmynan, 50 müň sahypalyk resminamany Ýewropa futbol birleşigine (UEFA) gowşurdy diýip, As neşiri habar berýär.

2001–2018-nji ýyllar aralygynda «Barselona» Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň (RFEF) eminler tehniki komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesini eýelän Hose Mariýa Enrikes Negreýra, takmynan, 8,4 million ýewro töläpdir. Klubuň özi bu tölegleri eminleriň işi boýunça maslahatlary we öz oýunlaryna bellenen eminler barada hasabatlary almak üçin geçirendigini aýdýar. Emma 2023-nji ýylda Barselonanyň prokuraturasy kluby korrupsiýada we täjirçilik resminamalaryny galplaşdyrmakda aýyplady.

Indi UEFA bu tölegleriň sebäplerini we olaryň futbol ýaryşlaryna ýetirip biljek täsirini anyklamak isleýär. Gurama «Real» tarapyndan resminamalaryň alnandygyny tassyklady we olary ahlak hem-de düzgün-nyzam meseleleri boýunça gözegçilere iberdi. UEFA-nyň düzgünnamasynyň 4-nji maddasyna laýyklykda, eger gurama klub ýaryşyň gidişine täsir etmäge synanyşdy diýip hasaplasa, şol klub halkara ýaryşlardan çetleşdirilip bilner.

«Real» kluby «Barselonanyň» hereketlerini Ýewropa futbolynda berjaý edilmeli dogruçyllyk, aç-açanlyk we adalatly oýun ýörelgelerine laýyk gelmeýän hereketler hökmünde kabul edýändigini mälim etdi.

As neşiriniň maglumatyna görä, madrid kluby katalon toparyndan 2001–2018-nji ýyllar aralygynda gazanylan ähli titullaryň ýatyrylmagyny talap edýär. Şol döwürde «Barselona» Ispaniýanyň çempionatynda dokuz gezek, Ispaniýanyň Kubogynda alty gezek we Çempionlar ligasynda bir gezek ýeňiş gazanypdy.

«Barselona» öz gezeginde «Real Madridiň» prezidenti Florentino Peresi töhmet atmakda aýyplaýar we onuň garşysyna kazyýete ýüz tutdy. Taraplaryň ylalaşmagy üçin geçiriljek diňlenişik 25-nji noýabrda Madrid şäher kazyýetinde bolar. «Barselona» Peresi töhmetde aýyplap, ondan resmi taýdan sözlerini yzyna almagy talap edýär. Eger ylalaşyk gazanylmasa, klub jenaýat işi boýunça şikaýat bilen ýüz tutup biler. Şol bir wagtyň özünde, Peresiň kazyýet mejlisine hut özüniň gatnaşmagy zerur däl, onuň bähbitlerini aklawçy ýa-da ygtyýarly wekil hem gorap biler.

Häzirki möwsümde «Barselona» Ispaniýanyň çempionatyna yzly-yzyna ýedi ýeňiş we 31:7 hasabynda top tapawudy bilen başlady. Topar ýaryş jedwelinde birinji ýeri eýeleýäp, ikinji orundaky Madridiň «Atletiko» klubundan bäş utuk öňde barýar. Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda katalonlar «Feýenoordy» 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.