Hüjümçi Romelu Lukaku Belgiýanyň milli ýygyndysyndaky karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
«16 ýyl. Bu 16 ýylyň içinde men milli ýygyndy üçin bar güýjümi berdim. Mümkin bolan ähli duýgulary başdan geçirdim.
Men ajaýyp ýigitler bilen oýnadym we olara hemişe minnetdardyryn. Olaryň hemmesine sagbolsun aýdasym gelýär. Ähli tälimçilere meni öňe iterendikleri we topara kömek etmäge ynanandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu ajaýyp syýahat boldy we men her pursatdan lezzet aldym.
Belgiýanyň milli ýygyndysynyň janköýerlerine — toparymyza beren goldawyňyz üçin sagboluň. Men dört dünýä çempionatynda we üç Ýewropa çempionatynda öz ýurduma wekilçilik edip bilendigime buýsanýaryn.
Bu pursatlary hiç haçan unutmaryn. Bu ýoly şu ýerde tamamlamak kararym babatda men arkaýyn. Bu ajap boldy. Bu maňa lezzet berdi. Men minnetdar. Sagboluň!» diýip, 33 ýaşly Lukaku ýazdy.
Belgiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Lukaku 135 duşuşyga gatnaşyp, 94 gol geçirdi we milli ýygyndynyň taryhynda iň gowy bombardir bolmagynda galýar. Ol Belgiýanyň düzüminde 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.
Klub derejesinde Romelu Lukaku Türkiýäniň «Fenerbahçe» toparynda çykyş edýär. Mundan ozal ol Belgiýanyň «Anderleht», Angliýanyň «West Bromwiç», «Çelsi», «Ewerton», «Mançester Ýunaýted», Italiýanyň «Napoli», «Inter» we «Roma» klublarynyň düzüminde oýnady.