Kriştianu Ronaldu britan futbolyna bagyşlanan «Day 1s» atly ilkinji serialynyň önümçiligine başlanandygyny habar berdi. Futbolçy Metýu Won bilen bilelikde taslamanyň ýerine ýetiriji prodýuseri hökmünde çykyş edýär.
«Ajaýyp habar! Meniň ilkinji “Day 1s” serialymyň önümçiligi başlandy. Ähli jikme-jiklikleri soň aýdaryn» diýip, Ronaldu sosial torlarda ýazdy we Won bilen bilelikdäki suratyny paýlaşdy.

KHBS-de şeýle serialy döretmek meýilleri barada heniz iýul aýynda habar berlipdi.
Taslamanyň baş gahrymany toslanan futbol agenti bolar. Onuň keşbini britan aktýory Demien Lýuis ýerine ýetirer.

Serialyň üstünde Won bilen Ronaldu tarapyndan esaslandyrylan UR•Marv Studios studiýasy işleýär.
Taslama Fransiýanyň ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Týerri Anri hem gatnaşar. Ronaldunyň özi-de kiçeňräk rolda peýda bolmagy ähtimal.
Serialyň sýužeti we çykjak senesi barada entek maglumat ýok.