BSGG COVID-19-yň dünýäde ýaýraýan täze ştamynyň näderejede howpludygyny düşündirdi

Düýn, 19:035,451

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynda (BSGG) COVID-19-yň täze PJ.2.1 görnüşiniň keseliň beýleki ýaýraýan ştamlaryna garanyňda has agyr geçmegine sebäp bolýandygyny tassyklaýan ynandyryjy ylmy maglumatlaryň häzirlikçe ýokdugyny mälim etdiler. Bu barada gurama salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.

«2026-njy ýylyň maý aýynda ilkinji gezek ýüze çykarylan pursadyndan bäri bu ştam birnäçe yklyma ýaýrady. Adamlaryň ýurtlaryň arasynda gatnawynyň dowam edýändigi sebäpli, onuň täze ýurtlara aralaşmak töwekgelçiligi hem artýar» diýip, BSGG-de bellediler.

Guramanyň wekilleri PJ.2.1 wariantynyň COVID-19 keselini döredýän wirusyň bir görnüşidigini we oňa aýratyn kesel hökmünde garamaly däldigini hem nygtadylar.