ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýalar institutynyň inženerleri inçe içegäni barlamak üçin çeýe enteroskop robotyny işläp düzdüler. Enjam içegäniň dar böleklerinden geçmäge, şekilleri geçirmäge, dermanlary eltmäge we käbir lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Inçe içegäniň uzynlygy alty metrden, diametri bolsa, takmynan, 2,5 santimetrden gowrakdyr. Bedeniň çuň ýerinde ýerleşýändigi sebäpli, ony barlamak aşgazana ýa-da ýogyn içegä seretmekden has çylşyrymlydyr. Häzirki wagtda ulanylýan iki ballonly enteroskopiýa tehnologiýasy köp wagty we zähmeti talap edýär. Şonuň üçin alymlar has aňsat dolandyrylýan enjamy döretmek kararyna geldiler.
Robot ýylan ýaly hereket edýär. Onuň çeýe gabarasynyň içinde dürli kombinasiýalarda çişýän dört sany kamera bar, bu bolsa gurluşyň gerek ugra sozulyp ýa-da eglip bilmegine mümkinçilik berýär. Kelle hem-de guýruk böleklerindäki ballonlar gezekli-gezegine çişip we pyssaryp, robotyň öňe hereket etmegini üpjün edýär.
Ballonlar çişirilende olaryň ýüzünde kiçijik üç ölçegli iňňeler emele gelýär. Olar enjamyň içegäniň ýylmanak nemli bardasyna berk ýapyşmagyna we näzik dokumalary aşa dartmazdan hereket etmegine kömek edýär.

Robot daşky dolandyryjy tarapyndan işledilip, oňa kabel arkaly birikdirilýär. Enjamyň gurluşynda kamera, dermanlary eltmek üçin pürküji ulgam hem-de biopsiýa almak ýa-da ownuk polipleri aýyrmak üçin ulanylýan ýörite gysgyçlar bar. Enjam agyz ýa-da göni içege arkaly bedene girizilýär.
Haýwanlarda geçirilen synaglarda robot inçe içegäniň içi bilen iki metr töweregi aralygy geçdi. Barlagçylar kameranyň, pürküji ulgamyň we gysgyçlaryň işleýşini hem synagdan geçirdiler. Topar häzirki wagtda nawigasiýa ulgamyny kämilleşdirýär we enjamyň beýleki lukmançylyk amallarynda ulanylyş mümkinçiligini öwrenýär.
Barlagyň netijeleri Science Robotics ylmy žurnalynda çap edildi.