Germaniýaly lukmanlar Türkmenistanda kardiohirurgik bejergi işlerine gatnaşýar

Düýn, 19:483,951

Türkmenistana iş sapary bilen germaniýaly professor-lukmanlar geldi. Olar Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde türkmen kärdeşleri bilen bilelikde kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugry boýunça iş alyp barýar diýip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

Myhmanlar ýerli kärdeşleri bilen bilelikde dünýä lukmançylyk tejribesini maslahatlaşyp, ýürek keselleriniň öňüni almak, irki döwürde anyklamak, bejermek we dikeldiş işlerinde täze usullary amalyýete ornaşdyrmak ugrunda işleri dowam etdirýär.

Nemes lukmanlary keselleri anyklaýyş we näsaglara maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyryp, çylşyrymly kardiohirurgik bejergilerini hem ýerine ýetirýär.

Mýunhen şäheriniň Dogabitdi ýürek kemçilikleri we çaga ýürek hirurgiýasy uniwersitet hassahanasynyň direktory, kardiohirurg professor Ýürgen Hörer öz gürrüňinde dogabitdi ýürek kemislikleriniň dünýäde iň köp ýaýran keselleriň biridigine we onuň ýaňy bolan çagalarda ýüze çykýandygyna ünsi çekip, bu keselleriň käbiriniň çagalar üçin çylşyrymly bolýandygyny, şol sebäpli bäbeklere öz wagtynda operasiýa bejergisini geçirmegiň örän möhümdigini nygtady.

Sözüniň dowamynda professor Türkmenistan bilen kardiologiýa we kardiohirurgiýa ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ýokary netijeleri berýändigini belledi.

«Biz Türkmenistanda yzygiderli iş saparynda bolup, türkmen lukmanlary bilen operatiw bejergileri amala aşyrýarys. Käbir çagalarda duş gelýän dogabitdi ýürek kemisliklerini operatiw bejerginiň ýeňil görnüşinde bejerip bolýar, emma käbirine hökmany suratda çylşyrymly operatiw bejergini geçirmek zerur bolup durýar. Bu amallar aýratyn çylşyrymly we ýokary töwekgelçiligi öz içine alýar» – diýip, Ýürgen Hörer gürrüň berdi.

Germaniýaly lukman türkmen kärdeşleri bilen döwrebap hassahanada tejribe paýlaşmak we operatiw bejergileri ýerine ýetirmek mümkinçiligine, şeýle hem Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine diýseň begenýändigini aýtdy.