Waniliniň sowuklama garşy göreşmekde we ýaralary bejermekde peýdasy ýüze çykaryldy

Şu gün, 14:00858

Wanilin lukmançylykda, hususan-da, ýaralaryň bitmegini çaltlandyrýan we deri şikeslerini bejermäge kömek edýän serişdeleri taýýarlamakda ulanylyp bilner. Bu netije Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary tarapyndan maddanyň lukmançylyk maksatly taraplary öwrenilenden soň ýüze çykdy.

Wanilin, ilkinji nobatda, azyk senagatynda ulanylýan hoşboý ys beriji madda hökmünde bellidir. Emma alymlaryň pikiriçe, onuň sowuklama we bakteriýalara garşy, şeýle-de antioksidant häsiýetleri hem bar.

Alymlar wanilini öwrenen wagtlarynda onuň himiki aýratynlyklaryny we lukmançylykda ulanylyş mümkinçiliklerini deňeşdirip gördüler. Netijede, waniliniň esasynda taýýarlanan derman serişdeleri ýaralary bejermekde we zeper ýeten deriniň dikeldilmeginde ulanylyp bilner diýlen karara gelindi.

Elbetde, bu işläp taýýarlamalary lukmançylykda giňden ulanmak üçin alymlaryň, lukmanlaryň we senagat wekilleriniň bilelikde işlemegi zerurdyr. Häzirki wagtda wanilin ýaralary bejermek we dokumalaryň täzeden dikeldilmegine ýardam bermek üçin niýetlenen täze serişdeleriň düzüminde ulanylyp bilinjek madda hökmünde öwrenilýär. Emma onuň lukmançylykda howpsuzlygyny we netijeliligini tassyklamak üçin kliniki barlaglary-da geçirmek hökmanydyr.