Andorraly 26 ýaşly Dewid Agilar Polandyň sindromy bilen dünýä inýär. Şol zerarly onuň sag eliniň tirsekden aşaky bölegi doly kemala gelmändi. Ol çagalygyndan başlap, özüne gerek zatlary özbaşdak ýasamagyň ýollaryny gözleýär. Bir günem 9 ýaşly Dewidiň ünsi öz otagyndaky stoluň üstünde ýatan LEGO oýnawaç dikuçarynda eglenýär. Şonda ol bu oýnawaçyň böleklerini diňe oýnamak üçin däl-de, has peýdaly bir zat döretmek üçin hem ulanyp boljakdygyna düşünýär. Pikirini bir ýere jemlän Dewid dikuçary söküp-düzüp, onuň böleklerinden özüne el ýasanýar.
Şeýlelikde, «Demir adamyň» (Iron Man) sowudynyň ady bilen bagly MK I atly ilkinji protez peýda bolýar. Elbetde, ol gündelik durmuşda doly peýdalanyp boljak derejede kämil däldi. Ýöne iň esasy zat – protez eliň eýýäm barlygydy. Şunlukda, Dewidiň özüne ýetmeýän zady özbaşdak ýasap biljekdigine gözi ýetýär.

Şondan soňky ýyllar synaglara we oýlap tapyşlara bagyşlanýar. 2017-nji ýylda, 18 ýaşyndaka, Dewid LEGO böleklerinden işläp bilýän el protezini ýasap, ilkinji dünýä rekordyny goýýar. Şol proteziň mehaniki tirsek bogny we zatlary gysyp tutmaga niýetlenen tutawajy eli epmek arkaly hereketlendirilýärdi.
Wagtyň geçmegi bilen, proteziň gurluşy has-da kämilleşdi. Häzirki wagtda ulanylýan MK V nusgasy hereketlendiriji mehanizm we bäş barmak bilen enjamlaşdyrylan. Dewid barmaklary eliniň sähelçe hereketi bilen dolandyrýar.
Emma Dewid diňe öz protezini kämilleşdirmek bilen çäklenmedi. Ol 2021-nji ýylda bioinženerçilik ugry boýunça talyp wagty aýak bilen dolandyrylýan protezi, şeýle hem Gazagystanda ýaşaýan, elleri doly ösmedik sekiz ýaşly Beknur Žanibekula üçin galamjykly aýratyn enjam ýasady. Enjamyň aýaga birikdirilen ýüpi tutawajy dolandyrmaga mümkinçilik berse, galamjyk planşetden peýdalanmaga kömek edýärdi.
Bu taslamalarda Dewide kakasy Ferran hem ýardam berdi. Ol ogly entek çagaka welosiped sürmegine, ýüzmegine we elektrikli skuterde gezmegine mümkinçilik berýän dürli enjamlary oýlap tapypdy. Indi olaryň bilelikdäki işleri diňe Dewide däl, eýsem başga adamlara-da kömek edýär.
LEGO böleklerinden NASA çenli
Ilkinji nusgalar taýýar LEGO toplumlarynyň böleklerinden ýygnalan bolsa-da, MK V protezini döretmekde çemeleşme üýtgeýär. Dewid ilki onuň gurluşyny kompýuterde taslaýar, soňra bolsa zerur bölekleri sargap getirdýär.
LEGO kompaniýasy oňa gerekli bölekleri tapyp berýär we Daniýanyň Billund şäherindäki baş edarasynda bir hepdelik myhmançylyga çagyrýar. Dewid şol ýerde SPIKE Prime atly toplumlaryň işlenip düzülmegine gatnaşýar. Soňra ol Meksikada bu toplumlaryň halkara tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, «Dünýäni täzeden gur» diýmegi aňladýan «rebuildtheworld» atly mahabat kampaniýasynyň esasy ýüzüne öwrülýär.
2019-njy ýylda Dewid innowasiýalara bagyşlanan sammitde öz protezini NASA-nyň işgärlerine görkezýär. Şeýde-şeýde, bir wagtlar öz pikirini durmuşa geçirmek üçin oýnawaç dikuçaryny söken oglanyň hekaýaty indi onuň otagynyň çäginden has uzaklara ýaýraýar.

Diňe protezler hem däl
Dewidiň öňünde ýene bir möhüm maksat bar, ol hem mekdeplerde deň-duşlaryň kemsitmelerine we sütemlerine garşy göreşmek. Sebäbi çagalygynda synpdaşlarynyň üstünden gülüp, aýdýan kemsidiji sözlerini onuň özi-de az eşitmändi.
«Hemmelerden tapawutly bolmak örän kyndy» diýip, ol şol döwri ýatlaýar.
Dewid kakasy we Dojo System kompaniýasynyň wekili Daniel Sançes Mateo bilen bilelikde «Bullying Pursuit» atly wideooýun döretdi. Oýun çagalara, ýetginjeklere we ata-enelere mekdep sütemine garşy durmagy, şeýle hem töweregindäki adamlara has ünsli çemeleşmegi öwretmegi maksat edinýär.
Dewidiň kakasy Ferran we ejesi Natali ençeme ýyllap ogullarynyň başgalaryň kemsitmelerinden nähili ejir çekýändigine şaýat boldular. Şonuň üçin olar öz tejribelerini beýleki maşgalalara kömek etmek üçin peýdalanmak isleýärler.
Kakasy bilen ogly bilelikde «Piece by Piece: How I Built My Life (No Instructions Required)» atly terjimehal kitabyny hem ýazdylar. Kitabyň adyny «Bölek-bölekden: durmuşymy hiç hili gözükdirijisiz nähili gurdum» diýip terjime etmek bolar. Onda Dewidiň durmuşy we onuň adaty bolmadyk protezleri döredişi degişme hem-de mähir bilen beýan edilýär.
Kitap ýedi dile terjime edildi. Hatda Dewidiň durmuş hekaýaty esasynda film döretmek isleýän adamlar hem tapyldy.
Mundan başga-da, Dewid we Ferran maşgala dostlary Ferran Heres bilen bilelikde Andorrada PEW-PEW atly güýmenje kompaniýasyny açdylar. Kompaniýa doglan gün dabaralaryny, kärhanalaryň işgärleri üçin çäreleri, maşgalalaryň we dostlaryň duşuşyklaryny guraýar. Şol bir wagtyň özünde, ol ähli adamlaryň deň gatnaşyp bilmegini we hiç kimiň çetde galmazlygyny öňe sürýär.
Dewidiň ýoly oýnawaç dikuçaryndan we öz meselesini özbaşdak çözmek isleginden başlandy. Häzirki wagtda onuň oýlap tapyşlary başga adamlara-da kömek edýär, şahsy tejribesi bolsa kitaplaryň, oýunlaryň we mekdep sütemine garşy taslamalaryň döremegine esas bolýar.
Belki-de, onuň terjimehal kitabynyň ady bu ýoly has gowy beýan edýändir: durmuşda taýýar gözükdirijiniň ýokdugy kynçylyklaryň bolmajakdygyny aňlatmaýar. Ol, gaýta, şol kynçylyklary ýeňip geçmegiň tärini tapmagy öwredýär.