Alymlar nädip ýylda ýarym milliondan gowrak ölümiň öňüni alyp boljagyny düşündirdiler

Düýn, 22:561,013

Jons Hopkins uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary ýokary gan basyşyny wagtynda anyklamak we bejermek arkaly her ýyl ýürek-damar keselleri zerarly ýüze çykýan 518 müňden gowrak ölümiň öňüni alyp boljakdygyny anykladylar.

Gelnen netije Hypertension Scientific Sessions 2026 atly ylmy konferensiýada köpçülige hödürlenildi.

Alymlar ilki bilen girdejisi ortaça bolan 20 ýurtda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterlilik derejesini öwrenip, matematik çaklama düzdüler. Netijeler ýokary gan basyşyny, holesteriniň ýokarlanmagyny we süýji keselini bejermek zerurlygy bolan adamlaryň azyndan 80 göterimi degişli bejergini alsa, ölümleriň sanynyň ep-esli azaldyp boljakdygyny görkezdi.

Adamlaryň ömrüni halas etmekde iň uly üstünlik hut gan basyşyna gözegçilik etmek arkaly gazanylyp bilner. Bu bir ýylda 518 476 adamyň ömrüni halas etmäge mümkinçilik berer. Holesteriniň derejesini peseldýän dermanlar ýene, takmynan, 341 müň adamyň, gandaky şekeriň derejesine berk gözegçilik etmek bolsa 310 müň töweregi adamyň ömrüni halas edip biler.

Emma häzirki ýagdaý bu görkezijilerden ep-esli uzakdadyr. Gözleg geçirilen ýurtlarda gipertoniýasy bolan adamlaryň diňe her bäşisiniň gan basyşy kadaly derejede, ýagny 140/90-dan pes bolýar. Mundan başga-da, holesteriniň derejesi ýokary bolan näsaglaryň diňe 16 göterimi statinler diýlip atlandyrylýan ýörite dermanlary kabul edýär.

Şeýlelikde gözlegiň awtorlary gan basyşyny yzygiderli ölçemegiň, keseli ir anyklamagyň we lukmanyň maslahatlaryny berk berjaý etmegiň infarktyň, insultyň hem-de ýürek ýetmezçiliginiň döremek howpuny ep-esli peseldýändigini ýatladýarlar.