Rim papasy Lew XIV öýkenindäki düwnügi aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi. Bu barada Vatican News habar berýär.
Papanyň dikelmegi üçin, takmynan, bir hepde wagt gerek boljakdygy aýdylýar.
Watikanyň metbugat gullugy Rim-katolik ybadathanasynyň ýolbaşçysynyň saglyk ýagdaýy barada goşmaça maglumatlaryň soňrak beriljekdigini mälim etdi.
71 ýaşyndaky Lew XIV (dünýewi ady Robert Frensis Prewost) ozal öýkenindäki täze döremäniň irki tapgyrda ýüze çykarylandygyny habar beripdi.
Lew XIV 2025-nji ýylyň maýynda, papa Fransisk aradan çykandan soň pontifik saýlanypdy.