C witamininiň ýokary mukdaryny her gün kabul etmek ganyň rakdan öňki ýagdaýy bolan adamlarda ölüm howpuny iki essä golaý azaldyp, howply gaýra üzülmeleriň öňüni almaga kömek edip biler. ABŞ-daky Wan Andel institutynyň we Daniýadaky Kopengagen uniwersitet hassahanasynyň alymlary üç ýyllyk gözegçilik barlaglaryndan soň şeýle netijä geldiler.
Halkara EVITA taslamasyna ganyň rak keseliniň döremek howpy bolan ýa-da keseliň başlangyç görnüşleri ýüze çykan 109 meýletinçi gatnaşdy. Bir ýylyň dowamynda gatnaşyjylaryň bir topary her gün 1000 mg C witaminini, ikinji topar bolsa plasebo kabul etdi.
Ilkibaşda CANCER žurnalynda çap edilen işiň awtorlary C witamini näsag öýjükleriň köpelmeginiň öňüni alar diýip hasaplapdyrlar. Emma bu netijäni gazanmak başartmady. Muňa garamazdan, bu madda bedeni gurplandyrdy. Şeýle-de näsaglarda gaýnaglamanyň derejesi peseldi we ganazlyk, pnewmoniýa hem-de içki gan akmalar ýaly agyr gaýra üzülmeleriň sany azaldy.
Alymlar esasy netijeleri üç ýyllyk gözegçilikden soň jemlediler. Şol döwürde plasebo kabul eden toparyň 24 agzasy aradan çykdy, C witaminini kabul edenleriň arasynda bolsa 11 ölüm hadysasy hasaba alyndy. Ýokary möçberi kabul etmegiň käbir ýagdaýlarda aşgazanda ýakymsyzlyk döredendigine garamazdan, C witaminini alan toparyň ýaşamak derejesiniň umumy görkezijisi ep-esli ýokary boldy.
Awtorlar alnan maglumatlaryň häzirlikçe deslapky häsiýete eýedigini we olaryň esasynda lukmançylyk amalyndaky hereket edýän bejeriş teswirnamalaryny üýtgetmegiň entek mümkin däldigini belleýärler. Gutarnykly netijäni çykarmak we degişli teklipleri işläp taýýarlamak üçin has uly göwrümli barlaglar zerur.
Şeýle-de bolsa, hünärmenler elýeterli C witaminini gowşak näsaglary goramak we leýkemiýanyň öňüni almak üçin geljegi uly serişdeleriň biri hasaplaýarlar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, C witaminine baý esasy önümleriň hataryna guradylan itburun, bolgar burçy, gara smorodina, çomuç, kiwi we kelemiň dürli görnüşleri girýär. Köpçülikleýin ýaýran düşünjäniň tersine, bu önümlerdäki C witamininiň mukdary sitrus miwelerindäkiden ep-esli ýokarydyr. Bu näzik witamini saklamak üçin önümleri ter ýa-da turşadylan görnüşde iýmek maslahat berilýär, sebäbi ýylylyk bilen işlenende C witamini çalt dargaýar.