Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.

Sergide dünýäniň we sebitiň meşhur kompaniýalarynyň, şol sanda «Siemens Healthineers», «Roche», «Fortis Healthcare», «Getinge», «B. Braun», «Terumo», «Baxter», «Bio-Rad», «Eppendorf», «Takagi», «BTL», «Caretronic», «Hettich», «Castellini» we «Medical Econet» ýaly kärhanalaryň lukmançylyk enjamlary we tehnologiýalary görkezilýär.

Bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlaryndaky gazanan üstünliklerine, şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns gönükdirildi.
Forumyň maksatnamasy sergi diwarlyklaryny, sessiýalary, ussatlyk sapaklaryny, B2B we B2G görnüşlerindäki işewürlik gepleşiklerini öz içine alýar. Gatnaşyjylar tejribe alyşmaga, innowasion işläp taýýarlamalary tanyşdyrmaga we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmaga mümkinçilik alar.

Esasy temalaryň hatarynda lukmançylyga we bilime sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sport lukmançylygyny ösdürmek we iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek bar.
Sergi we maslahat döwrebap lukmançylyk çözgütlerini görkezmek we Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyny berkitmek üçin meýdança öwrüldi.
Forum 12-nji oktýabrda öz işini tamamlar.