Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen Germaniýanyň lukmançylyk toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşyga professor Klaus Parhofer, Frankfurt şäheriniň plastiki hirurgiýa klinikasynyň direktory Ulrih Riger, doktor Karsten Dalşow, doktor Lizi Hoýserman-Mangold, professor Adrian Kasaý, doktor Ulrih Şaller, professor Folkmar Ýansson hem-de professor Günter Dom gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi we saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda uly üstünlikleri gazanýandygyny belläp, germaniýaly lukmanlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň özara tejribe alyşmakda hem-de lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny özleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlarydygy kanagatlanma bilen bellenildi.
Germaniýaly lukmanlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini, şunuň netijesinde ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda professor-lukmanlar saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly tejribeli lukmanlara ýurtda geçirilýän dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, olara alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.