Aşgabatda iň gowy fotosuratlaryň sergisi açyldy

Şu gün, 18:55886
1 / 13

Paýtagtyň «Sungat» galereýasynda türkmen fotosungat ussatlarynyň dürli ýyllarda döreden işlerini birleşdiren «Watanymyň ýaňy» atly köpçülikleýin sergi açyldy.

Öz işlerini Erkin Ýazow, Hasan Magadow, Ahmet Hallyýew, Hoşgeldi Garajaýew, Mekan Çaryýew, Igor Lomow we Sylap Pälwanow hödürledi.

Sergi tomaşaçylary tebigat, binagärlik we ýönekeý adamlar bilen tanyşdyrýar. Fotosuratçylaryň üns merkezine ahalteke bedewleri we alabaýlar, Aşgabat, ýurduň gözel ýerleri, çöl peýzažy we dag landşaftlary düşdi.

«Garagumuň ýalkymynyň», stalaktit gowaklarynyň we ýyldyzly asmanda garagulagyň fotosuratlary aýratyn orun eýeleýär. Hödürlenen işleriň arasynda Ahmet Hallyýewiň dünýäniň 94 ýurdundan gatnaşyjylar bilen geçirilen halkara fotobäsleşikde iň gowy onlugyň hataryna giren «Startrek» diýen suraty hem bar.

Serginiň agramly bölegini döwürdeşleriň portretleri, milli şaý-sepleriň we nusgawy keşpleriň fotosuratlary düzýär. Şeýle-de onda taryhy öý goşlary we seýrek duş gelýän tehnika bilen retro stilindäki işler hem hödürlenipdir.