Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde 9 aýyň jemleri jemlendi: esasy görkezijiler

Düýn, 22:204,051

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi, şondan soň döwlet Baştutany ýylyň galan döwri üçin wezipeleri kesgitledi.

Esasy ykdysady görkezijiler:

  • Jemi içerki önüm (JIÖ) 6,3 göterim artdy. Senagatda ösüş 3 göterim, gurluşykda 6,7 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, söwdada 8,4 göterim, oba hojalygynda 4,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda bolsa 8,4 göterim boldy.
  • Öndürilen önümiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,9 göterim artdy.
  • Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,3 göterim ýokarlandy.
  • Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,2 göterim ýerine ýetirildi.
  • Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3,5 göterim artdy.
  • Nebitgaz pudagynda nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,1 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,3 göterim, dizel ýangyjy – 114,7 göterim, suwuklandyrylan gaz – 112 göterim boldy. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,1 göterim berjaý edildi.
  • Oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 124,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy bolsa 144,2 göterim boldy. Ýurtda pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär.
  • Gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,9 göterim berjaý edildi. Hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň görkezijisi 127,7 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiňki 128,3 göterim, Aşgabat şäher häkimliginiňki bolsa 130,9 göterim boldy.
  • Söwda we ykdysady ulgamda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 113,2 göterim boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 23 460 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy 18 sergi we 10 maslahat geçirdi.
  • Ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,7 göterim boldy. Ýük daşamagyň ösüş depgini 108 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 102 göterim boldy. Pudaklaryň arasynda iň ýokary görkeziji «Türkmenhowaýollary» gullugynda gazanylyp, ol 121,8 göterime deňdir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow JIÖ-niň durnukly ösüş depginini saklamagy, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagy dowam etmegi, 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagy, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmagy, oba hojalyk işlerini çaltlandyrmagy we ulag infrastrukturasyny ösdürmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisde iri senagat desgalarynyň, täze ýaşaýyş toplumlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi bellenildi. Döwlet Baştutany ýurduň ösüşi we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.