17-nji noýabrda Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň daşary işler ministri Muhammet Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikler Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli syýasy dialogy saklamagyň hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini nygtady. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi.
Şeýle hem söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, senagat, ulag we logistika pudaklarynda, sebitleýin özara baglanyşyklylygy ösdürmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, iki ýurduň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çägindäki özara hyzmatdaşlyga garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.