ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau Türkmenistana sapary amala aşyrar. Onuň dowamynda amerikan wekili Hazarüsti geçelgesiniň ugrunda energiýa göterijileriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berýär.
Maglumata görä, Aşgabatda Landau Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen we amerikan işewürleri bilen duşuşar. Gepleşiklerde ABŞ-nyň Türkmenistan bilen Hazarüsti geçelgesiniň we «Halkara parahatçylyk we gülläp ösüş üçin Trampyň ýolunyň» (TRIPP) ugrunda energetika serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berler.
Aşgabada sapar Landauwyň 16–24-nji noýabr aralygynda dowam etjek daşary ýurtlara saparynyň çäginde bolar. Türkmenistana gelmezden ozal Döwlet sekretarynyň orunbasary Täjigistana we Türkiýä barar.