Raşid Meredow Yslamabatda möhüm duşuşyklary geçirdi

Şu gün, 09:401,194
1 / 5

16-njy noýabrda Pakistanyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ismail uld Şeýh Ahmed we Pakistanyň premýer-ministri Şabhaz Şarif bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Ismail uld Şeýh Ahmed bilen geçirilen duşuşygyň başynda Raşid Meredow ony bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we mundan beýläkki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy we durnukly ulag, energetika, daşky gurşawy goramak hem-de medeniýet ýaly ileri tutulýan ugurlar barada pikir alyşdy.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi tarapyndan her ýyl kabul edilýän halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda bitaraplyk syýasatynyň orny hakyndaky Kararnama, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibine aýratyn üns berildi.

Ismail uld Şeýh Ahmed Türkmenistanyň ählumumy dialogy ilerletmäge we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we özara bähbitli bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy hökmünde Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarifiň YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy.

Pakistanyň Gurama başlyklyk etmeginiň çäginde guralan gepleşikler sebitara gatnaşyklaryň mundan beýläkki gün tertibini kesgitlemäge bagyşlandy. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde syýasy dialogy pugtalandyrmak, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine çemeleşmeleri ylalaşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança hökmünde YHG-yň mümkinçiliklerini peýdalanmak meseleleri boldy.