Mary 2028-nji ýylda YHG-yň syýahatçylyk paýtagty bolmaga dalaş edýär

Şu gün, 14:51130
1 / 3

2026-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-yň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda ulag, serhetýaka söwda we syýahatçylyk ulgamlaryndaky anyk taslamalar giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň 2027-nji ýylyň noýabr aýynda YHG-yň ulag ministrleriniň 15-nji duşuşygyny kabul etmäge taýýardygynyň tassyklanmagy esasy çözgütleriň biri boldy. Mundan başga-da, YHG-yň üstaşyr daşamalary hakyndaky Çarçuwaly ylalaşygyny (TTFA) tassyklamak hem-de guramanyň giňişliginde bilelikdäki söwda zolaklaryny işe girizmek boýunça deslapky tehniki-ykdysady esaslary taýýarlamak meselelerine garaldy.

Syýahatçylyk mümkinçiliklerine we ynsanperwer alşygyna aýratyn üns berildi. YHG-yň Baş sekretary Türkmenistanda täze elektron wiza ulgamynyň ornaşdyrylmagyny goldady hem-de 2028-nji ýylda Mary şäherine YHG-yň syýahatçylyk paýtagty derejesini bermek baradaky başlangyjyň Sekretariat tarapyndan goldanylýandygyny tassyklady. Bu barada YHG-yň Sekretariatynyň habarynda aýdylýar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge aýratyn üns berdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegini yzygiderli goldaýandygy nygtaldy. Şeýle hem «ECO Strategic Goals until 2035» atly strategik resminamanyň taýýarlanyş işleriniň tamamlanmagy oňyn garşylanyp, onuň YHG-yň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlenjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Asad Majid Han 2025-nji ýylda Durnukly ösüş maksatlary boýunça YHG-yň ilkinji forumyny geçirendigi we 2026-njy ýyldaky syýahatçylyk sergisine Sekretariatyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.