Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri bilen özara saparlary guramak meselesini maslahatlaşdy

Şu gün, 13:271,378

11-nji noýabrda Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen edarasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň arasyndaky ýokary derejeli syýasy dialogyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Taraplar, aýratyn-da, 2027-nji ýylda ýokary we iň ýokary derejedäki saparlary guramak mümkinçiliklerine garady.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çägindäki netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem iki ýurduň gatnaşýan beýleki köptaraplaýyn formatlarynyň çäginde özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.