Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

Düýn, 09:243,923

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň çäginde Antalýada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň taryhy umumylygyna esaslanýandygyny hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösýändigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara gatnaşyklar üçin «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesiniň berk binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlaryň hem-de duşuşyklaryň möhüm orny eýeleýändigine ünsi çekdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugryny we halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkiýe Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurtda dokma, energetika, gaz-himiýa we beýleki pudaklarda möhüm taslamalar amala aşyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege jan saglyk we döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Gepleşiklerden soň Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň bilelikdäki agşamlyk nahary boldy.