Şu gün, 10-njy noýabrda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherine bardy.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, paýtagtyň Halkara howa menzilinde ony resmi adamlar ugratdy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen gürrüňdeş boldy. Gepleşikleriň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag we şähergurluşyk ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ol saparyň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygynyň geçiriljekdigini aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän COP31 maslahaty ählumumy howa üýtgemelerine garşy çäreleri işläp taýýarlamak, bug gazlarynyň žyňyndylaryny azaltmak hem-de «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdançadyr. Türkmenistan bu ugurda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlylygyny görkezip, COP maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Ýurt Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär.
Şeýle-de, Türkmenistan BMG-niň ekologiýa boýunça esasy Konwensiýalaryna goşulyp, Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmek üçin milli derejede çäreleri durmuşa geçirýär.
Antalýa şäheriniň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylady. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow özi üçin niýetlenilen kabulhana ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýä iş sapary dowam edýär.