Serdar Berdimuhamedow Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşdy we ony Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Düýn, 21:441,944
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyran iş saparynyň dowamynda Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Taraplar dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Iordaniýa bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Taraplar eksport-import mümkinçiliklerini giňeltmek we özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmegiň maksadalaýykdygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalaryny howpsuz we jogapkärçilikli ulanmagyň ähmiýetini nygtap, Akaba prosesiniň çäginde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we bu ugurda döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Taraplar emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegi ylalaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Patyşa Abdulla II-ni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Iordaniýanyň Patyşasy çakylygy hoşallyk bilen kabul etdi.