Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde on aýyň netijeleri jemlenildi

05.11.2026, 22:066,433

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

On aýyň esasy görkezijileri:

  • Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy. Senagatda ösüş 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.
  • Öndürilen önümleriň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim artdy.
  • Bölek satuw haryt dolanyşygy 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy 9,5 göterim ýokarlandy.
  • Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi.
  • Düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3,3 göterim ýokarlandy.
  • Nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi.
  • Tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, tebigy gazy eksport etmegiň meýilnamasy 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
  • Oba hojalyk önümçiliginiň ösüş depgini 118,2 göterime ýetdi, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 149,2 göterim ýerine ýetirildi.
  • Gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 118,8 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde bu görkeziji 122,9 göterime deň boldy.
  • Ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,6 göterime ýetdi. Ýük daşamagyň ösüşi 8,5 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüşi 1,9 göterim boldy.

Nebit-gaz pudagynda önümçiligiň we eksportyň artandygy, himiýa senagatynda, gurluşykda, dokma pudagynda hem-de hususy ulgamda ýokary görkezijileriň gazanylandygy bellenildi.

Bilim ulgamynda okuwçylar we talyplar 1 039 medal gazandy. Türgenler halkara ýaryşlarda jemi 590 medal, şol sanda 179 altyn medal eýelediler. Saglygy goraýyş, bilim, gurluşyk we ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Daşary syýasat ulgamynda halkara duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamak, nebit-gaz we himiýa pudaklaryny, oba hojalygyny, gurluşyk we ulag ulgamyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, azyk üpjünçiligine, önümleriň hiline, hususy pudagyň ösüşine, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, sanly hyzmatlaryň giňeldilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degişli birnäçe tabşyryklary berdi.