ABŞ-nyň birža bazarlary bir günde 2 trillion dollardan gowrak ýitgi çekdi

Düýn, 09:573,503

ABŞ-nyň esasy birža indeksleri 5-nji noýabrda geçirilen söwdalaryň netijesinde birden pese düşdi. Dow Jones indeksi 3,44%, S&P 500 — 4,36%, tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalaryny öz içine alýan Nasdaq bolsa 5,52% aşaklady.

«Reuters» agentliginiň maglumatyna görä, bu Nasdaq üçin soňky 19 aýyň dowamynda bir günüň içindäki iň uly pese düşüş boldy.

Birža bazarynyň umumy kapitalizasiýasy bir günüň dowamynda 2 trillion dollardan gowrak azaldy.

Iň uly ýitgileri tehnologiýa pudagynda we emeli aň bilen bagly ugurlarda işleýän kompaniýalar çekdi. SpaceX-iň paýnamalary 10%-den gowrak, Nvidia-nyňky 9%-den gowrak, Tesla-nyňky bolsa, takmynan, 10% arzanlady.

Paýnamalaryň köpçülikleýin satylmagyna ABŞ-da aralyk saýlawlardan soň emeli aňyň ösüşine we maglumat merkezleriniň gurluşygyna gözegçiligiň güýçlendirilmegine garaşylýanlygy täsirini ýetirdi.