3-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna baha berip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň, işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de maýa goýumlary çekmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Şeýle hem «Merkezi Aziýa – ABŞ» («C5+1») formatyndaky hyzmatdaşlyk we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Geňeşmeleriň netijeleri boýunça, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.