Hytaýda 10 gatly binany 29 sagada ýetirmän gurdular

Düýn, 14:089,085
1 / 6

Hytaýda modully gurluşyk tehnologiýasy arkaly bary-ýogy 28 sagat 45 minutyň içinde 10 gatly binany gurmak başartdy diýip, New Atlas neşiri habar berýär.

Broad Group kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Living Building» ulgamy boýunça binanyň esasy bölekleri zawodda öňünden taýýarlanylýar. Taýýar modullar gurluşyk meýdançasyna getirilensoň bolsa bir bitewi desga hökmünde birleşdirilýär. Modullar ýygnalgy ýagdaýda adaty ýük konteýneriniň tutýan meýdanyna golaý ýeri eýeleýär. Bu bolsa olary daşamagy we gurluşyk meýdançasyna taýýar görnüşde eltmegi aňsatlaşdyrýar.

Modullaryň penjireleri, elektrik geçirijileri, ýylylyk izolýasiýa materiallary we howa çalşyjy enjamlary önümçilik döwründe oturdylýar. Gurluşygyň esasy bölegi poslamaýan polatdan ýasalýar. Şunlukda, işçilere gurluşyk meýdançasynda modullary bellenen tertipde ýerleşdirmek, boltlaryň kömegi bilen birleşdirmek we inženerçilik ulgamlaryna birikdirmek galaýýar.

10 gatly binany ýygnamak üçin birnäçe ýük göteriji kran we köp sanly işçi ulanyldy. Kompaniýa gurluşyk işiniň barşyny wideo arkaly görkezdi.

Broad Group kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, gurluşygyň örän çalt alnyp barylmagy binanyň berkligine ýaramaz täsir etmeli däldir. Işläp düzüjiler hem bu tehnologiýa esasynda gurlan binalaryň ýertitremelere çydamlydygyny tassyklaýarlar. Mundan başga-da, modullary söküp, başga ýerde gaýtadan ýygnamagyň mümkindigini-de bellemek gerek.

Kompaniýa bu tehnologiýany ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, hassahanalary we umumy ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda ulanmagy meýilleşdirýär. Işläp düzüjiler şeýle ulgam arkaly beýikligi 200 gata çenli ýetýän binalary hem gurmagyň mümkindigini aýdýarlar.