Florida polisiýasy uçýan elektromobilden peýdalanyp başlar

Düýn, 18:402,610

ABŞ-nyň Florida politehniki uniwersiteti okuw şäherçesinde gözegçilik etmek we adatdan daşary ýagdaýlara dessin jogap bermek üçin «Jetson ONE» atly elektromobili ulanmagy meýilleşdirýär. Bu taslama şahsy uçýan enjamlaryň polisiýanyň işinde näderejede peýdaly bolup biljekdigini barlamaga mümkinçilik berer.

«Jetson ONE» elektrik hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan bolup, dikligine ýokary galmaga we ýere gonmaga ukyplydyr. Bu bolsa polisiýa işgärlerine adaty gözegçilik awtoulagy bilen barmasy kyn bolan ýerlere çalt ýetmäge mümkinçilik berer.

Kaliforniýada ýerleşýän Jetson kompaniýasy enjam üçin üç ýyllyk nobatyň bardygyna garamazdan, uniwersitetiň sargydyny mümkin boldugyndan tiz ýerine ýetirmegi maksat edinýär. Kompaniýanyň baş direktory Stefan Daýene munuň sebäbini uniwersitetiň inženerçilik ugruna ýöriteleşendigi we jemgyýetçilik howpsuzlygy bilen bagly meseleler bilen delillendirdi. Onuň aýtmagyna görä, öndüriji öz tehnologiýasynyň diňe güýmenje maksatly uçuşlarda däl-de, eýsem, gündelik durmuşda hem ulanylmagyny isleýär.

«Jetson ONE» sekiz sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp, sagatda 100 kilometre çenli tizlik bilen hereket edýär we howada, takmynan, 20 minutlap galyp bilýär. Bir adam üçin niýetlenen enjamyň batareýalary bilen bilelikdäki agramy 115 kilograma golaýdyr. Şeýle hem ol heläkçilik ýagdaýynda açylýan ballistik paraşýut we awtomatik gonuş ulgamy bilen üpjün edilen.

Bu taslama jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmekde uçýan enjamlaryň täze görnüşlerini ulanmagyň hem-de döwrebap howa ulaglaryny ösdürmegiň mümkinçiligini görkezýän subutnama bolup biler.