Guşa 3D-printerde çap edilen protez çüňk oturdyldy

Düýn, 21:042,266
1 / 4

Niderlandlaryň Amsterdam şäherinde ýerleşýän «Artis-Park» haýwanat bagynda ýaralanan günorta şahly garga (kerk-guşlar maşgalasyna degişli) 3D-printerde çap edilen iki sany protez çüňk oturdyldy. Bu barada haýwanat bagynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen metbugat relizinde habar berilýär.

Guşuň çüňküniň ýokarky we aşaky bölekleri döwlüp, onuň diňe iki sany kiçijik galyndysy çykyp durdy. Guş tebigatda özüne mahsus bolan zatlaryň ählisini edip bilenokdy diýip, haýwanat bagynda bellenilýär.

«Artis-Park» haýwanat bagynyň Niderlandlaryň Utreht uniwersitetiniň Weterinariýa lukmançylygy fakulteti bilen hyzmatdaşlygy netijesinde 3D printerde iki sany protez çüňk çap edildi.

Ozal guşuň çüňküniň diňe bir bölegine protez goýlandygy barada maglumatlar bar hem bolsa, çüňküň hem ýokarky, hem aşaky bölekleriniň bir wagtda şeýle usulda çalşyrylmagy weterinariýa tejribesinde ilkinji gezek amala aşyryldy.

Çüňk haýwanyň kellesine we anatomiýasyna doly gabat gelýän özboluşly görnüşe eýedir, şonuň üçin islendik başga çüňki oturdyp bolmaýar. Ýokary takyklygy üpjün etmek üçin guşuň kellesiniň kompýuter tomografiýasynyň we weterinarlarda saklanyp galan çüňküň döwük bölekleriniň esasynda onuň ilkinji görnüşini dikeltmek we iki sany protezi döretmek başartdy. Çüňküň bölekleri plastikden çap edildi we ortopedler tarapyndan titan komponentleriň hem-de nurbatlaryň kömegi bilen berkidildi. Netijede, görnüşi boýunça ilkinji çüňke meňzeş organ alyndy.

Operasiýadan soňra şahly guş täze çüňklerini şol gün öýlän ulanyp başlady we gysga wagtyň içinde onuň bilen iýmitlenmäge we tüýlerini arassalamaga öwrenişdi.

Hünärmenler bu üstünlikli operasiýanyň weterinariýa ylmynda möhüm ädim bolandygyny nygtamak bilen birlikde, her bir guşuň anatomiýasynyň özboluşlydygyny, şonuň üçin ony ähli guşlar üçin birmeňzeş ulanyp bolmaýandygyny belledi. Weterinarlar ýabany tebigatda ejir çeken guşlara şeýle kömek berlende, munuň guşlar üçin ägirt uly stresdigini we şeýle operasiýadan soň olaryň özbaşdak durmuşa taýýar boljakdygyna kepilligiň ýokdugyny göz öňünde tutmagyň gerekdigini belleýärler.