499 dollarlyk «akylly» gulaklyk beýniniň ýadawlygyny kesgitläp bilýär

Şu gün, 09:23223
1 / 3

ABŞ-nyň Neurable neýrotehnologiýa kompaniýasy beýni bilen kompýuteriň arasynda baglanyşyk saklamaga mümkinçilik berýän, hirurgik çemeleşmäni talap etmeýän tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan gulaklyklary tanyşdyrdy. Olar beýniniň işjeňligini seljerip, ulanyjynyň aňynyň näderejede ýadandygyny kesgitläp bilýär.

«Neurable One» diýlip atlandyrylýan gulaklyklara neýlon gulak ýassyjaklarynyň içine ýerleşdirilen 12 sany elektroensefalografiýa (EEG) sensory oturdylypdyr. Bu sensorlar beýniniň elektrik işjeňligini hasaba alýar. «Neurable» goşundysy bolsa alnan maglumatlary seljerip, aň işjeňliginiň ýokarlanýan döwürlerini kesgitleýär. Şeýle hem ulgam ulanyja haçan arakesme etmelidigini maslahat berýär.

Kompaniýa bu aýratynlygy «beýniniň batareýasy» diýip atlandyrýar. Goşundy beýni işjeňliginiň derejesini görkezýär we güýçli pikirlenmeden soň aňyň dynç alyp, öňki ýagdaýyna gelşini yzarlamaga kömek edýär.

«Neurable One» gulaklyklarynyň bahasy 499 dollar bolar. Olary oktýabr aýyndan başlap, kompaniýanyň resmi saýty arkaly satyn almak mümkin.

Mundan ozal Neurable, esasan, öz tehnologiýalaryny beýleki öndürijilere ygtyýarnama esasynda berýärdi. Hususan-da, bu tehnologiýalar Master & Dynamic kompaniýasy bilen bilelikde döredilen «MW75 Neuro» gulaklyklarynda ulanyldy. Indi bolsa kompaniýanyň özi tehnologiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna we taýýar önümiň öndürilmegine gönüden-göni gözegçilik etmegi maksat edinýär.