Samsung kompaniýasy Galaxy AI platformasy üçin Galaxy Claw atly täze funksiýany taýýarlaýar. Ol emeli aňa diňe bir soraglara jogap bermäge we mazmun döretmäge däl-de, eýsem ulanyjylaryň gündelik işlerini özbaşdak ýerine ýetirmäge hem mümkinçilik berer.
Täze funksiýa baradaky maglumatlar «Samsung Personal Agent Core» programmasynyň kodunda tapyldy. Görnüşi ýaly, kompaniýa EA-kömekçini goşundylar we birikdirilen hyzmatlar bilen işleşip bilýän doly derejeli şahsy agente öwürmegi maksat edinýär.
Kodda senenama, telefon belgileri, galereýa, Gmail, hatlar, habarnamalar, Perplexity, telefon jaňlary we diktofon üçin konnektorlaryň bardygy ýüze çykaryldy. Şonuň netijesinde Galaxy AI wakalary görüp we döredip, telefon belgilerini hem-de elektron poçtany dolandyryp, habarlary iberip, jaňlary amala aşyryp, suratlar bilen işleşip biler hem-de internetden maglumat gözlär. Şunlukda, ulanyja bir goşundydan beýlekisine elde geçip ýörmezden, diňe bir tabşyrygy bermek ýeterlik bolar.
Galaxy Claw funksiýasynyň ýene bir aýratynlygy meýilleşdirilen ýumuşlar bolar. Ulanyjylar Galaxy AI-a belli bir amallary her sagatda, günde, iş günlerinde, her hepdede ýa-da öz tertibi boýunça ýerine ýetirmegi tabşyryp biler. Şeýle-de ýerine ýetirilişiň ýagdaýy, indiki işe giriziljek wagty baradaky maglumatlar, ýumuşlary redaktirlemek, adyny üýtgetmek we pozmak, şeýle hem olary wagtlaýyn togtatmak ýa-da elde işe girizmek mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy.