Amazon-a degişli Ring kompaniýasy howpsuzlyk ulgamynyň iki sany täze görnüşini tanyşdyrdy. Olaryň biri öýde özbaşdak uçup bilýän Ring Drone Cam atly kamera, beýlekisi bolsa edara-kärhanalarda we söwda merkezlerinde gözegçilik etmäge niýetlenen Ring Rover Cam atly robotdyr.
Enjamlar AI Pilot tehnologiýasy esasynda işleýär. Bu tehnologiýa enjamlara otaglary özbaşdak öwrenmäge, jaýyň ýa-da binanyň meýilnamasyny düzmäge we päsgelçiliklerden sowlup, hereket etmegiň ugruny saýlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ulgam aýratyn gözegçilik edilmeli ýerleri, şol sanda penjireleri, gapdal gapylary we kassa bölümlerini kesgitläp bilýär.

Ring Drone Cam öýüň içinde hereket edip, adaty kameralaryň görüp bilmeýän ýerlerini barlaýar. Ol 2K durulykda wideo düşürýär we daş-töweregini 360 derejede gözden geçirýär. Şeýle-de enjam garaňkyda düşürmek üçin yşyklandyryjy çyralar bilen üpjün edilendir.
Ring Rover Cam bolsa ofislerde we dükanlarda gözegçilik etmek üçin niýetlenip, ol 4K çenli durulykda wideo geçirmäge ukyplydyr. Enjam süýşürilip çykarylýan kamera, duýduryş çyrasy we sesi bilen üpjün edilip, bellenen ýeri özbaşdak aýlanyp bilýär. Şeýle-de ol Ring ulgamyna degişli beýleki enjamlaryň duýduryşlaryna jogap berýär.

Iki täze enjam hem bilkastlaýyn göze ilýän görnüşde ýasalypdyr. Uçýan kamera propelleriniň sesi bilen üns çekýän bolsa, robotyň üstündäki ýiti duýduryş çyrasy onuň hereket edýändigini bildirýär.
Ring Rover Cam 2026-njy ýylyň 16-njy dekabrynda ABŞ-da 999,99 dollara, Ring Drone Cam bolsa 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda 249,99 dollara satuwa çykarylar.