Singapuryň Milli uniwersitetiniň alymlary sensorly ekran ýerleşdirilen mata döretdiler. Ol suratlary we wideolary görkezýär, galtaşmalara jogap berýär hem-de Bluetooth arkaly beýleki enjamlara birigýär. Ýumşak we howa geçirijiligini saklaýan matany kir ýuwujy maşynda hem ýuwup bolýar.
Barlagyň netijeleri Nature ylmy žurnalynda çap edildi.
Dosent Tural Hudiýewiň ýolbaşçylygyndaky topar ekranyň şekil görkezýän nokatlarynyň hem-de galtaşmany duýýan bölekleriniň wezipesini ýerine ýetirýän elektron süýümleri döretdi. Galyňlygy, takmynan, 1 millimetr, uzynlygy bolsa 10 metr bolan bir süýümiň içine müňlerçe mikroshema ýerleşdirildi. Olary özara birikdirmek üçin, alymlar lazer bilen kebşirlemek hem-de we eredilen galaýyny ulandylar.
Synag nusgasy üçin geýimiň ýeňine 54 sany süýüm tikildi. Olaryň her birinde 96 sany ýagtylyk diody bar. Süýümleriň ählisi bilelikde 168×105 mm ölçegdäki, 96×54 piksel durulykly ekrany emele getirýär. Ekrandaky 8 bitli reňk çuňlugyna eýe bolan şekil sekuntda 30 gezek täzelenýär.
Mata ýerleşdirilen ýörite sensor gatlagy galtaşylan ýeri anyklaýar, şeýle-de il bir wagtyň özünde birnäçe nokada deglendigini hem kesgitläp bilýär.
Mata mikrofonly, ses çykaryjyly, hereketi, temperaturany we ýagtylygy ölçeýän datçikli süýümler hem ýerleşdirildi. Bu enjam suratlary we wideolary görkezmäge, hasaplaýjyny açmaga, kompas hökmünde işlemäge hem-de Bluetooth arkaly suratlary kabul etmäge ukyplydyr. Mundan başga-da, ol sesli buýruklara jogap berýär we ekranyň ýagtylygyny öz-özünden sazlaýar. Datçigiň degişli ýere ýerleşdirilmegi, ulgama adam bedeniniň temperaturasyny ölçemäge ýardam edýär.
Geçirilen synaglar ýuwujy serişde bilen 50 gezek ýuwlandan soň hem ekranyň ýagtylygyny we galtaşmalara duýgurlygyny ýitirmändigini görkezdi. Ol 5 mm radius çäkde 1000 gezek epilmä hem çydamly bolup çykdy. Matanyň howa geçirijiligi pagtanyňka barabar bolup, ol deri bilen galtaşyga rugsat berlen howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýär.
Geljekde alymlar ekranyň durulygyny ýokarlandyrmagy, senorlary kämilleşdirmegi we emeli aň arkaly maglumatlary işlemek mümkinçiligini goşmagy meýilleşdirýärler. Bu tehnologiýa aýratyn ekran ulanmazdan, gündelik geýimler arkaly sanly enjamlardan peýdalanmaga mümkinçilik döredip biler.