iPhone Duo berklik synagyndan geçip bilmedi: hatda dyrnak degrerligem ýok

Düýn, 19:064,506

JerryRigEverything YouTube kanalyny alypbaryjy meşhur bloger Zak Nelson Apple kompaniýasynyň ilkinji eplenýän smartfony bolan iPhone Duo-ny berklik synagyndan geçirdi. Netijeler kanagatlandyrmady: bahasy 2000 dollardan başlaýan smartfon möhüm gowşaklyklar sebäpli ýowuz synaglara çydap bilmedi.

Synaglaryň esasy netijeleri:

  • Displeýleriň durnuklylygy: Daşky ekran ýokary berkligi görkezip, Moos şkalasy boýunça diňe 7-nji derejede çyzylmaga başlady. Ekran oduň täsirine-de döz geldi. Ýöne içki 7,6 dýuýmlyk çeýe displeý mehaniki täsirlere aşa duýgur bolup çykdy: onda, hatda dyrnak bilen hem yz galdyryp bolýar, gorag örtüginde ýiti zatlardan galan çyzyklar bolsa aýrylmaýar. Skalpel smartfonyň gapdal taraplarynda görnetin yz galdyrýar, ýöne kamera blogy we yzky panel zeper ýetmelere durnukly bolup çykdy.

  • Tozandan gorag we şarnir: Öndürijiniň yglan eden IP68 gorag standartyna garamazdan, titandan ýasalan şarnir mehanizmine ownujak bölejikleriň düşmegi, onuň doly ýapylmazlygyna getirdi. Netijede, enjam ýarym eplenen ýagdaýda galdy.

  • Gaňyrma synagy: Enjamyň gabarasy gaňyrma synagynda durkuny saklady, ýöne içki ekran agrama çydamady — ilki displeýde zolaklar emele geldi, gaýtadan basyş görkezilende bolsa, ol doly hatardan çykdy.

Synaglaryň netijeleri boýunça, Nelson iPhone Duo-nyň berklik synagyndan geçmändigini nygtady. Deslapky maglumatlara görä, smartfonyň zeper ýeten içki ekranyny çalşyrmagyň bahasy, takmynan, 1000 dollara düşer.