Bloomberg: Apple ekranasty Face ID-li iPhone Duo 2-niň prototiplerini synagdan geçirýär

Şu gün, 11:37775

Apple kompaniýasy iPhone Duo smartfonynyň indiki nesliniň ilkinji nusgalaryny taýýarlamaga başlady. Täze modelde ýüz keşbiňi tanaýan Face ID ulgamynyň peýda bolmagyna garaşylýar. Bu barada Bloomberg neşiriniň habarçysy Mark Gurman aýdýar.

Kompaniýa ýüz keşbiňi skanirleýän ekranasty sensorly görnüşi synagdan geçirýär.

Ýakynda satuwa çykarylan ilkinji nesil iPhone Duo-da barmak yzyňy tanaýan skaner ulanylyp, ol smartfonyň açar düwmesine ýerleşdirilipdir. Enjamyň gurluş aýratynlyklary sebäpli, oňa adaty Face ID ulgamyny ýerleşdirmek başartmandy.

Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, Apple täze nusgalarda Face ID ulgamynyň işlemegi üçin zerur bolan infragyzyl sensory we nokatlary şöhlelendirýän proýektoryň kiçeldilen görnüşlerini synagdan geçirýär. Olar ekranyň astynda ýerleşýär. Bu çözgüt smartfonyň daşky görnüşini düýpli üýtgetmezden, Face ID ulgamyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berip biler.

Mundan başga-da, kompaniýa iPhone Duo 2 modeline häzirki wersiýada bolmadyk «Hereket düwmesini» (Action Button) goşmak mümkinçiligini hem gözden geçirýär.

Täze enjamyň 2027-nji ýylyň güýzünde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, Apple häzirki wagtda ilkinji nesil iPhone Duo smartfonlaryna bolan islegi hem doly kanagatlandyryp bilmeýär.