ABŞ-da iPhone 18 Pro Max-yň eýeleri kyn ýagdaýda: enjamy çalyşmakdan başga çäre ýok

Şu gün, 11:505,478

ABŞ-da iPhone 18 Pro Max ulanyjylarynyň käbiri öýjükli aragatnaşyk bilen bagly kynçylyklara duçar boldy. Enjamlar tor bilen aragatnaşygyny ýitirýär we jaň etmäge, SMS ugratmaga ýa-da mobil internetden peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär.

Apple kompaniýasy bu meseläniň bardygyny tassyklap, näsazlyk ýüze çykan smartfonlaryň hyzmat merkezlerinde mugt çalşylyp beriljekdigini mälim etdi.

Bu näsazlyk ABŞ-nyň iri aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolan AT&T-niň müşderilerine täsir etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, käbir iPhone 18 Pro Max enjamlary öýjükli tora birikmesini ýitirip bilýär.

Apple mundan öň iOS 27.0.1 täzelenmesini çykaryp, bu smartfonlaryň eýelerine ony gurnamagy, şeýle hem aragatnaşyk operatorynyň sazlamalaryny täzelemegi maslahat beripdi. Kompaniýanyň çaklaýşyça, bu täzelenmeler meseläniň ýüze çykmagynyň öňüni almaga kömek etmelidi. Emma näsazlyk eýýäm ýüze çykan enjamlarda täzelenmeler peýda bermeýär. Şeýle ýagdaýda smartfony çalyşmakdan başga çäre galmaýar.

9to5Mac neşiri iPhone 18 Pro Max-yň ABŞ üçin niýetlenen görnüşinde Qualcomm-yň modeminiň ulanylýandygyny we ýüze çykan näsazlyklaryň hem hut şu modem bilen baglydygyny belleýär. Sebäbi Apple-iň öz C2 modemine eýe bolan iPhone 18 Pro ulanyjylar tarapyndan bu hili kynçylyklar barada hiç hili şikaýat bolmady.