Apple kompaniýasy M6 prosessorly täze 14 dýuýmlyk MacBook Pro noutbugyny tanyşdyrdy. Täze enjam ýokary öndürijiligi we batareýasynyň ätiýaçlygyny bir gije-gündize çenli saklap bilýändigi bilen tapawutlanýar. Noutbugyň başlangyç bahasy 1 999 dollar.
Täze MacBook Pro üçin öňünden sargytlar 28-nji oktýabrda kabul edilip başlanar, satuwa bolsa 6-njy noýabrda çykarylar.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, M6 prosessorynyň 12 ýadroly grafiki bölegi, öňki nesildäki bilen deňeşdirilende, 30%-e çenli çalt işleýär. Emeli aň bilen bagly işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen iki sany 16 ýadroly Neural Engine ulgamy bolsa, M5 prosessory bilen deňeşdirilende, 1,9 esse ýokary öndürijiligi üpjün edýär.
Täze prosessor üç ölçegli şekilleri modelleşdirmek, oýun oýnamak we suratlary işlemek ýaly işleri has çalt ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem uly dil modellerini gönüden-göni enjamyň özünde işletmek bolýar.

MacBook Pro zarýad bermezden 24 sagat işläp bilýär. Bu görkeziji Mac kompýuterleri üçin häzire çenli gazanylan iň ýokary netijedir. Noutbugyň batareýasyny bary-ýogy ýarym sagatda 50%-e çenli zarýad-landyrmak mümkin.
Enjam Wi-Fi 7 we Bluetooth 6 aragatnaşyk tehnologiýalaryny, 12 megapikselli kamerany hem-de Thunderbolt 4 görnüşli üç sany birikdirijini öz içine alýar. Adaty görnüşi 16 GB operatiw ýat bilen üpjün edilýär. Zerur bolsa, onuň möçberini 32 GB çenli artdyrmak bolýar. Noutbuk kümüşsöw we gara reňklerde öndüriler.
Apple täze MacBook Pro-ny 2020-nji ýylda çykarylan M1 prosessorly modeller bilen hem deňeşdirdi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze enjamyň grafiki öndürijiligi 11 esse, emeli aň bilen bagly işleri ýerine ýetirmek mümkinçilikleri bolsa 13 esse ýokarlandyryldy.