Apple kompaniýasy OLED displeýli täze iPad mini planşetini hödürledi

Düýn, 15:301,524
1 / 7

Apple kompaniýasy OLED displeýli, täze A20 Pro prosessorly we üýtgedilen dizaýnly ykjam iPad mini planşetini hödürledi. Enjam 2024-nji ýylda tanyşdyrylan öňki modelden has inçe we ýeňil bolup, ol wideojaňlar üçin täzelenen öňdäki kamera bilen üpjün edildi.

Täze displeýiň diagonaly öňki modeldäki 8,3 dýuýmyň deregine 8,5 dýuým boldy. Ekran OLED tehnologiýasyny ulanýar we 1200 nite çenli iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär.

Enjamyň korpusy has inçeldilip, ýogynlygy 5,4 mm boldy. Displeýiň daşyndaky çarçuwa hem 24 göterim kiçeldildi, bu bolsa planşediň ölçeglerini ulaltmazdan ekranyň peýdaly meýdanyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýiti ýagtylykda planşetde işleýän ulanyjylar üçin Apple displeýiň nanotekstura örtükli görnüşini hem göz öňünde tutdy. Ol şöhlelenmäni azaltmaga we şekiliň görnüş ýagdaýyny gowulandyrmaga kömek edýär. Planşet IP67 standartyna laýyklykda, tozandan we gysga wagtlyk suwa çümmekden goraglydyr.

Täze iPad mini A20 Pro prosessory bilen enjamlaşdyryldy. Ol Apple Intelligence platformasynyň käbir funksiýalaryny, hususan-da, Siri kömekçisiniň sesiniň äheňini sazlamak mümkinçiliklerini goldamagy üpjün edýär.

Üýtgeşmeler öňdäki kamerany hem öz içine aldy. Ol 12 Mp durulyga eýe bolup, indi korpusyň uzyn tarapynda ýerleşýär. Bu hem planşet gorizontal ýagdaýda ulanylanda wideojaňlary has amatly edýär.

Wi-Fi-ly iPad mini wersiýasynyň bahasy 699 dollardan başlaýar. Müşderiler deslapky sargytlary 28-nji oktýabrda resmileşdirip biler, planşet bolsa 6-njy noýabrda satuwa çykarylar.