Aşgabat dört sany daşary ýurt şäherine gatnawlaryň sanyny köpelder

Şu gün, 17:054,109

Aşgabadyň Halkara howa menzili 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan başlap, Seula, Milana, Kazana we Stambula yzygiderli gatnawlaryň ýygylygyny artdyrar. Täzelenen tertipnama dört halkara ugur boýunça uçuşlaryň köpeldilmegini göz öňünde tutýar.

Üýtgeşmeler aşakdaky ugurlara degişli bolar:

  • Aşgabat — Seul: hepdede bir gatnawyň deregine iki gatnaw.

  • Aşgabat — Milan: hepdede iki gatnawyň deregine üç gatnaw.

  • Aşgabat — Kazan: hepdede dört gatnawyň deregine alty gatnaw.

  • Aşgabat — Stambul: hepdede 12 gatnawyň deregine 13 gatnaw.

Bu şäherlerden Aşgabada gaýdýan gatnawlar üçin hem şeýle üýtgeşmeler bellenildi.

Tertipnamanyň täzelenmegi halkara ýolagçy gatnawlaryna bolan islegi kanagatlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen ulag arabaglanyşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Uçar gatnawlarynyň sanynyň artdyrylmagy üstaşyr ýolagçylar üçin hem goşmaça mümkinçilikleri döreder.