Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karz bermegiň tertibi täzelendi

Düýn, 20:435,297

Türkmenistanyň Merkezi banky oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli karzlary bermegiň täze tertibini tassyklady. Resminama Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowyň 2026-njy ýylyň 24-nji awgustyndaky 280-nji belgili buýrugy bilen kabul edildi we 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1968 belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Täze tertip 2018-nji ýylda hereket eden öňki resminamanyň ornuny tutýar.

Ýeňillikli karzlary daýhan birleşikleri we daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, degişli ylmy-barlag institutlary, ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar, ýer kärendeçileri, hususy telekeçiler we Türkmenistanda hasaba alnan döwlete dahylsyz ýuridik şahslar alyp biler.

Karzlar Türkmenistanda hereket edýän 100% daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda karz edaralaryndan başga, Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan berler. Karzlaşdyrmak milli we daşary ýurt pulunda amala aşyrylyp bilner.

Karz serişdelerini oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary, suwy tygşytlaýjy ulgamlary, suwaryş turbageçirijilerini we transformatorlary satyn almak üçin, şeýle hem maldarçylyk, guşçulyk, oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ulanyp bolar.

Karz serişdelerini ýitgileriň öwezini dolmak, jerimeleri tölemek, temmäki önümlerini we alkogolly içgileri öndürmek üçin ulanmak gadagan edilýär.

Karz alyjylar üçin ýyllyk göterim derejesi 1 göterim, karzyň möhleti bolsa 10 ýyla çenli bellenildi. Tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin alnan karzlar her ýyl deň paýlarda üzülmelidir. Karz alyjy taslamanyň azyndan 15 göterimini öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmelidir. Maýa goýum taslamalary üçin ýeňillikli döwür bellenilip, maliýeleşdirmek tapgyrlaýyn amala aşyrylyp bilner.

Karz almak üçin banka arza, hasaba alnandygy baradaky resminamalar, iş meýilnamasy, ýer bölegine degişli resminamalar we karz alyjynyň görnüşine baglylykda soňky iki ýa-da üç ýylyň girdejileri baradaky maglumatlar tabşyrylmalydyr. Bank arzanyň hasaba alnan gününden başlap 15 iş gününiň dowamynda çözgüt kabul etmeli. Karz bermekden ýüz öwrülen ýagdaýynda onuň sebäpleri ýazmaça görnüşde habar berilmeli.

Banklar karz serişdeleriniň bellenen maksada laýyk ulanylyşyna gözegçilik etmäge we her aýda Türkmenistanyň Merkezi bankyna hasabat bermäge borçludyr. Karz şertleri bozulanda ýa-da tölegler gijikdirilende, olar karzy möhletinden öň gaýtarmagy talap edip biler.

Täze tertip hasyllylygy ýokarlandyrmak, peýdalanylmaýan ýerleri özleşdirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini we eksporty artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen işlenip düzüldi.