Türkmen skripkaçysy Seýran Atanyýazow ikinji gezek Delfi oýunlarynyň baýragyny aldy

Düýn, 19:041,633
1 / 3

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Seýran Atanyýazow Duşenbede geçirilen GDA ýurtlarynyň XX ýaşlar Delfi oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy. Skripkaçy 2023-nji ýylda hem bu bäsleşikde ikinji orny eýeläpdi diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri ýazýar.

Türkmenistana konserwatoriýanyň üç talyby wekilçilik etdi. Bäşinji ýyl talyby Seýran Atanyýazow «Skripka» ugry boýunça, birinji ýyl talyby Asel Ruslanowa «Akademiki aýdym aýtmak» ugry boýunça, Anna Weliahmedowa bolsa «Estrada wokaly» ugry boýunça çykyş etdi.

Atanyýazow russiýaly skripkaçydan sähel tapawut bilen yza galdy. Wekiliýetiň ýany bilen giden kamera ansambly kafedrasynyň uly mugallymy Stella Faramazowanyň aýtmagyna görä, gatnaşyjylaryň derejesi örän ýokary boldy, baýrakly orunlar üçin bäsleşik çekeleşikli geçdi.

«Elbetde, bu gezek men ýeňşe tama edipdim. Ýöne bolmady. Her niçik-de bolsa, şeýle güýçli garşydaşlar bilen bäsleşmek örän gyzykly: haýsy ugurda öňe gitmelidigini derrew duýýaň. Şol sebäpli men Delfi oýunlaryna gatnaşandygyma begenýän» – diýip, Seýran paýlaşdy.

Akademiki wokal žanrynda eserleri ýerine ýetiren Asel Ruslanowa dördünji orny eýeledi. Anna Weliahmedowa bolsa türkmen halk aýdymy hem-de daşary ýurtly awtorlaryň estrada kompozisiýalary bilen çykyş edip, hormatly diplom bilen sylaglandy.

Bäsleşikli çykyşlardan başga-da, sazandalar beýleki ýurtlardan gelen gatnaşyjylaryň döredijiligi bilen tanyşdy, milli, nusgawy we döwrebap sazlary diňledi, nota materiallary bilen alyşdy. Faramazowanyň aýtmagyna görä, şeýle tejribe ýaş ýerine ýetirijilere öz repertuaryny giňeltmäge we türkmen sazyny daşary ýurtlylara tanatmaga ýardam edýär.