Türkmenistanly aşpez Arslan Berdiýewiň Dubaýda esaslandyran «Birch» restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy. Şeýlelik bilen, ol «Michelin Guide Dubai» gollanmasyna girizilen 122 restoranyň hataryna goşuldy. Bu barada gollanmanyň resmi saýtynda habar berilýär.

«Michelin-iň» gözegçileri Dubaýdaky «Birch» restoranynyň döwrebap hem-de nepis içki bezegini aýratyn belläp, onuň naharhanasynda dünýäniň dürli aşhana däpleriniň we türkmen aşhanasynyň aýratynlyklarynyň, şeýle-de baş aşpeziň maşgala reseptleri bilen utgaşýandygyny nygtadylar.
«Tagamlar örän göze gelüwli bezelip, dadyp görmek üçin hödürlenýän toplumlaýyn hem-de isleg boýunça saýlap bolýan tagamnamada hödürlenýär. Olaryň arasynda Özbegistanda ösdürilip ýetişdirilen pomidorlar bilen gök tunes balygy, şugundyr we ponzu sousy bilen berilýän mermer görnüşli sygyr eti, şeýle-de aşpeziň döredijilikli çemeleşmesini görkezýän kädili ravioli bar. Eger siz romantik agşamlyk naharyny meýilleşdirýän bolsaňyz, kemsiz arassa saklanýan aşhananyň garşysyndaky stollary saýlamak tüýs ýerine düşer» diýlip, gollanmada restorana häsiýetnama berilýär.

«Birch» restorany 2025-nji ýylyň fewralynda Dubaýyň halkara maliýe merkezinde (DIFC), «The Ritz-Carlton» myhmanhanasynyň ýanynda açyldy. Restoranyň içki bezegini Sankt-Peterburgda «Third Place» medeni merkezini we «Miraž» kinoteatryny hem öz içine alýan taslamalary bilen tanalýan «DA bureau» topary taýýarlady.

Restoranda saýlanan tagamnama görä, bahasy 490-dan 750 BAE dirhemine çenli bolan «Classic», «Signature» we «Grand» tagam toplumlary hödürlenýär. Naharlar taýýarlananda häzirki zaman Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar aşhanalarynyň özboluşly usullary ulanylýar. Şunda baş aşpeziň türkmen köklerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şol bir wagtyň özünde, sentýabryň ahyrynda Arslan Berdiýew Sankt-Peterburgdaky «Birch» restoranynyň ýapyljakdygyny habar berdi. Restoranyň oktýabr aýynda işini tamamlamagyna garaşylýar. Onuň ýerine dekabr aýynyň başynda Moskwada Twer bulwaryndaky «Twerskoý. Dom wkusa» gastronomiýa merkezinde täze restoran açmak meýilleşdirilýär.