Awazadaky Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň milli tagamlarynyň festiwaly geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bu dabara ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, olaryň baý medeni mirasyny we milli aşhana däplerini gorap saklamak hem-de medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Döwlet Baştutany we myhmanlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary milli pawilýonlar bilen tanyşdy. Her ýurduň sergi meýdançasynda sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy we ussat aşpezler tarapyndan milli tagamlar hödürlenildi.
Sergi ýurtlaryň aşpezlik däpleriniň baýlygy we milli aşhanalar arkaly olaryň taryhy, medeniýeti we ýaşaýyş durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Medeniýetara gatnaşyklar bu halklaryň aşhanasynyň baýlaşmagyna täsirini ýetiripdir. Onda etli, tüwüli, gök önümli tagamlara we süýjüliklere aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de wekiliýet ýolbaşçylary Türkmenistanyň sergi meýdançasyna geldi. Myhmanlar medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynyň esasynda milli tagamlaryň taýýarlanyşyny, bakja, miwe, ter gök önümleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisini synlady.
Çäräniň ahyrynda, milli myhmansöýerlik däplerine eýerilip, döwlet Baştutany we ýokary derejeli myhmanlar Türkmenistanyň sergi meýdançasynda gurnalan Ak öýe saçak başyna çagyryldy. Olara türkmen milli tagamlary hödür edildi.