Türkmenistanyň we Singapuryň prokuraturalary täze ylalaşyga gol çekdi

Şu gün, 21:10587
1 / 2

17–18-nji noýabrda Türkmenistanyň Baş prokurory Begmurat Muhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Singapura iş saparyny amala aşyrdy we ýurduň Baş prokurory Lýusýen Wong bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Singapuryň prokuratura gullugynyň iş tejribesi, ulgamy we beýleki ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Singapur Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Kabul edilen bu resminama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we adyl kazyýet ulgamlarynyň ösmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Hyzmatdaşlyk hukuk bilimlerini, maglumatlary we ylmy-barlaglaryň netijelerini alyşmagy öz içine alýar.