Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda beren hasabatynda Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027–2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýasy we hereketleriň meýilnamasy barada aýtdy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan bu resminama ýurduň milli bähbitlerine hem-de 2022-nji ýylda kabul edilen Biologik dürlülik boýunça Kunmin–Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyk gelýär.
Milli strategiýa ýurduň biologik dürlüligini häzirki we geljekki nesiller üçin gorap saklamaga, dikeltmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek we ýitmek howpy astyndaky görnüşlerini goramaga hem-de tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Şeýle hem resminamada «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeler göz öňünde tutuldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda tebigy baýlyklary gorap saklamak, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2027–2035-nji ýyllar üçin täzelenen Milli strategiýa we hereketleriň meýilnamasy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.